ýoldaş
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýoldaş
[ýolloş], at. 1. Bir ugur bilen bile barýan, ýollary bir bolan ýolagçy, hemra. Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet (Atalar sözi). 2. Özüniň garaýşy, pikiri, işi, durmuş şertleri we ş.m. boýunça biri bilen umumylygy, ýakynlygy bar bolan adam. Ýürekdeş ýoldaş bilen göwün açyşmakdan gowy zat barmy näme? (B. Kerbabaýew). 3. Çaga bolanda, çaganyň yz ýany bilen düşýän jansyz bir bölek agza, düşgi. 4. Aýalyň äri, adamsy (bu söz, köplenç, aýallar tarapyndan ulanylýar ); ýanýoldaş. Ýoldaşym ikimiz mekdepde işleýäris. 5. göç.m. Bir ýere ugralanda sag- aman barmak üçin yrym edilip ýanyň bilen alynýan çörek we ş.m. mukaddes zatlar. Ýoldaş bolar ýaly ýanyňa bir döwüm çörek al. 6. Oglana dakylýan at.
‣Ak gyz ýoldaşyň bolsun! öýlenmedik ýigide aýdylýan taňryýalkasyn, dileg.
ÝOLDAŞ [ýo:lloş], syp. Bir ýoldan bile barýan adam. Ýol ýoldaşy ýoldaşyna söýener (Magtymguly).