turklehceleri.org

ýol

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýol

[ýo:l], at. 1. Ýöremek, gatnaw üçin hyzmat edýän ýer zolagy. Ýol gadyryn ýortan biler, ýaý gadyryn – dartan (Nakyl). Türkmenistanyň hereket edýän we gurulýan demir ýollary öz ýurdumyzda taýýarlanýan pürsler bilen üpjün ediler (“Türkmenistan”). 2. Syýahat, sapar, ýolagçylyk bilen bir ýere ugraýyş. Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet (Nakyl). 3. göç.m. Belli bir usul, tär. 4. göç.m. Çäre, çykalga, alaç, ugur. Ussa bilen, ynha akyllaşyp göreris weli, bir ýol tapylar durubir (H. Garabaýew). 5. göç.m. Bir maksada gönükdirilen ýörelge.
 ‣ Ýola atarmakser. Ýola salmak. Oljasy Ballynyň göwnün göterdi, Atlylaryň baryn ýola atardy (A. Köpekmergen). Ýol açmak bir işi etmäge, durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretmek, baryş- geliş, gatnaşyk edip başlamak.Tanyşlyk wagtynda iki obadaş, Ýol açdy bolmaga ömürlik ýoldaş (A. Kekilow). Ýol almazlyk ýer almazlyk, başa barmazlyk, biderek bolmak. Atabaýyň öz ömründe birinji gezek Akmaýany tabyn etmek islegi ýol almady (B. Kerbabaýew). Ýola düşmek gidişi, barşy düzgünleşmek, kadalaşmak. Işler ýola düşdi. Ýola getirmek tertipli-düzgünli bolmagyny gazanmak, düzgüne boýun etmek. Taýak bir dälini ýola getirmiş(Magtymguly). Ýola goýmak tertip-düzgüne salmak, ugrukdyrmak, gönükdirmek, düzetmek, düzgünleşdirmek. Ýola salmak 1) ser. Ýola goýmak.Sen bu işi ýola sal. 2) ugratmak, ugradyp goýbermek, ýola atarmak. Ol şol mahal hat-petek işi bolup, gelenleriň işlerini düzedip, ýola salmak üçin eglendi. Ýol bermek mümkinçilik döretmek, böwet bolmazlyk, garşylyk görkezmezlik, päsgel bermezlik. Ýol bolsun gidip-geljek, barjak ýeriňde, ýolda-yzda işiň rowaç bolsun. Agaýunus bulara ýol bolsun aýdyp, ak pata berip ugratdy (“Görogly”). Ýol çalmak yz çalmak, yzarlamak. Şumroý kempir eger ýol çalan adam bolsa, özüni tapsyn diýip, otyrýeri bilen süýşüp, yz edip gitdi (“Görogly”). Ýoldan azaşmak ters ýola düşmek, nädogry hereket edip başlamak, durmuşyň, ýaşaýşyň düzgüninden çykmak. Ýoldan çykmak 1) sandan çykmak, azmak, bozulmak, başyna gitmek. 2) biwepalyk etmek, aýagyňy dürs basmazlyk, ahlak taýdan bozulmak. Ýol görkeziji etmeli işleri ugrukdyryjy, ýolbaşçylyk ediji. Ýol görkeziji belgiler. Ýol görkezmek maslahat bermek, akyl bermek, ugrukdyrmak, öwretmek, salgy bermek. Ýol gözlemek çykalga, ugur agtarmak, çykalga gözlemek, tärini, ýoluny tapjak bolmak. Ol çykalgasyz ýagdaýdan çykmak üçin ýol görkezdi. Ýol kesmek 1) uzak ýolda ýadamaz ýaly, ýoluň gysgalan ýaly bolmagy üçin söhbet açmak, ondan-mundan gürrüň edip başlamak. Hudaý berse, ap-aňsatdyr diýip, Ogusoltan eje tä öýüne barýança ýol kesdi (R. Allanazarow). 2) ser. Ýol urmak. Ýol külterlemek tizlik bilen ýol geçmek, ýol almak, ýol sökmek. Ulag ýoly külterläp gidip oturandyr. Ýol salmak 1) uçramak, sezewar bolmak, başyna düşmek. Uruş başlanaly bäri, ençeme öýüň üstünden ölüm habary ýol salypdy. 2) köp gatnap ýol etmek, gidip-gelip durmak, bir ýere köp gatnamak, gatnaw etmek. Onsoň ol özüniň tanalmaýan ýerine ýol saldy (A. Gowşudow). Ýol sökmek köp ýöremek, ýöräp köp ýol geçmek. Ýol tapmak ugur, çykalga tapmak, tärini, ebeteýini gözlemek. Ýoluna düşmek bir zadyň ugruna çykmak, bir zadyň ugrunda hereket etmek, bir zadyň küýüne, kül-külüne düşmek. Annaguly şony bilmegiň ýoluna düşdi (A. Durdyýew). Ýoluna seretmek biriniň gelerine garaşmak, seredip durmak, intizar bolmak. Tä gün batyp, garaňky düşýänçä, oglunyň ýoluna seretdi. Ýoluny kesmek gidere ugur, barara ýer goýmazlyk, dalda gözlemez ýaly etmek. Ýoluň açyk bolsun!ser. Ýoluň ak bolsun. Ýoluň ak bolsun! ugran ugruňda işiň şow alsyn, päsgelçilige duş gelme! Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň – hak (Dileg). Ýoluň düşmek ýörite däl-de, ýüzüň ugruna degmek, bir söý bilen üstünden barmak. Ýoluň düşen wagty bize-de baryp dur! Ýoluňy düzetmek dogry ýola düşmek, ile goşulmak, hakyky ugur, durmuşyň düzgüni bilen gitmek. Ýoluňy urdurmak bozulmak, azmak, ýoldan azaşmak, ters ýola düşmek. Ýol urmak garakçylyk etmek, geleni-geçeni talamak, soýmak. Ýoly köp ugurtapyjy, mekir, hilegär.


Last searches: