turklehceleri.org

ýeňil

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýeňil

syp. 1. Agyr däl, az agramly, agyr bolmadyk. Guran gamak ýeňil bolýar. 2. Köp zähmet talap etmeýän, kyn bolmadyk, aňsat. Çarkandak ýerden ýöremek onuň üçin ýeňil düşmedi. 3. göç.m. Agras däl, salyhatsyz. Ol özüni ýeňil görkezmejek bolup, pikirlenip sözleýärdi. 4.göç.m. Siňmesi aňsat, siňňitli, az hümmetli (nahar hakynda). Ýeňil nahar. 5.göç.m. Galyň däl, ýuka. Ýeňil geýinmek. Eşigiň gaty ýeňil-le! 6. Özüni alyp barşy agras däl, ýeňles.
 ‣ Ýeňil geýinmek howa ýagdaýyna garap, ýuka eşik geýmek, çyplak geýinmek. Howa maýyl bolansoň, ýeňil geýindim (K. Taňrygulyýew). Ýeňil gopmak eden işiňi oňaryp etmek, kynçylyk çekmän işlemek.


Last searches: