turklehceleri.org

ýelpewaç

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýelpewaç

[ýelpewa:ç], at. 1. Ýelpemek üçin eplenip-ýazylýan ýa-da ýarym aýlaw görnüşli enjam. Ýüzüni ýelpedi ýüpek ýelpewaç, Säher ýeli degip, ülpüllendi saç (Ý. Nasyrly). 2. Çaganyň ýüzüne siňek gonmazlyk we ýel çalyp durar ýaly sallançagyň üstünde gerlen ýüpe atylýan ýaglyk, mata. 3. Jaýlaryň howasyny täzelemek üçin tok bilen işleýän, aýlanýan enjam. Agyp-dönüp sowuk şemal öwüsdürip duran ýelpewajyň gabat garşysyna geçdi- de, birsellem ýelejiredi.


Last searches: