ýapmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýapmak
işl. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüni örtmek, basyrmak. Özi keltekçesinde galyp, içmegini onuň üstüne ýapdy (B. Gurbanow). 2. Çykdajynyň ýerini doldurmak, öwezini dolmak. 3. Baglamak, beklemek. Onuň bir taý aýnasyny şemal ýapansoň, turup ony açdy (A. Durdyýew). 4. Bişirmek üçin tamdyryň ýüzüne ýelmemek. Gyňaçlarynyň ujy bilen billerini berk guşap, aýallar tamdyra nan ýapýardylar (N. Pomma).5. Işlemegini goýbolsun edip, işini ýatyrmak. Kärhananyň ykbaly öz elimizde – gowy işlesek, gowy ýaşarys, gowy işlemesegem – ýaparlar. 6. Bes etmek, tamamlamak. Ýygnagy ýapmak. 7. Sylap, hormatlap egnine halat atmak, peşgeş bermek. Serpaý ýapmak. 8. gepl.d. Urmak, çalmak. Bardy-geldi, bir pişik gapdalynda daranaýsa, pişigiň böwrüne eliniň tersi bilen ýapardy (A. Durdyýew). 9. göç.m. Biriniň üstüne günä ýüklemek, betgüman bolup töhmet atmak. Men günäsiz adama günä ýapyp bilmerin. Birine ogurlyk ýapmak.