ýanamak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýanamak
[ýa:namak] I, işl. 1. Bir zadyň gapdalyna getirip goýmak, golaý getirmek, ýanaşdyryp goýmak. …Gämini derýanyň gyrasyna ýanady (“Edebiýat we sungat”). 2. Ýanyn ýatyp, çagasyny emdirmek. Çagalaryny ýatyryp, kiçisini ýanap gyşaran aýaly: – Pökgen, göwnüme bolmasamy, seniň kelläňdäki öňki akylyň däl ýaly görýän! – diýende, Pökgen onuň sözüniň arasyna düşdi (A. Gowşudow).
ÝANAMAK [ýa:namak] II, işl. Birini nähak ýerden günäkär etjek bolmak, birine azar bermek.
ÝANAMAK [ýa:namak] III, işl. Ene-atasynyň, doganlarynyň adyna ugurdaş at dakmak. Onuň ogly bolanda, bäbejige atasynyň adyna ýanap at goýdular.