ýaman
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýaman
I, syp. 1. Islenilýän talaby ödemeýän, kanagatlanarly däl, erbet. Ýaman araba ýol bozar (Nakyl). Açlyk ýaman zat, az-owlak garbandy (A. Gowşudow). 2. Örän, gaty, has, juda. – Myradaly aga, bu gün ýaman irläpsiň-le – diýip, ondan ýuwaşlyk bilen sorap, onuň ýanynda oturdy (N. Pomma). 3. gepl.d. Ederini bilýän, dogumly. Ol gaty ýaman adam, hiç haçan hor bolar öýdemok.
‣ Ýaman ada galmak iliň öňünde abraýdan düşmek, ýaman atly bolmak. Ýaman ada goýmak biriniň ýüzüni gara etmek, abraýyny gaçyrmak. Başlan işini ahyryna ýetirip bilmedi diýen ýaman ada goýaýmasyn, gowy işläliň! Ýaman algyly ýaly hemişe ary köýen ýaly. Ýaman atly bolmak gepe ýakyn bolmak, gara donly bolmak. Ýamandan boýuňy satyn almak erbet adamdan göwne degişmän, usul bilen araňy açmak, başyňy gutarmak. "Ýamandan boýuňy satyn al" diýipdirler, üzäýmek gerek, başga alaç ýok! – diýdi (A. Gowşudow). Ýaman gözden saklasyn! göz degmesin, betbagtçylyga uçramasyn, erbet niýetlä duçar bolmasyn. Ýaman öwrenmek ýeriň giňinde, mümkinçilik bar wagtynda bir zada halys endik etmek, endik bolmak (azajyk kinaýa bilen aýdylýar). Eneň-ataň arkasyndan süýjüje zatlary saýlap iýmegi ýaman öwrenensiň. Ýamandan ýarty agyz adamyň tabakda galdyran azajyk naharyny iýdirmek üçin aýdylýan durnukly söz düzümi. Ýamanyň ýüzi aňryk bolsun! erbet adam size ýamanlyk etmesin, sizi ýaman pällä duçar etmesin! Ýaman ýerde gaý tutmak gyssagara bir zerur zat ýüze çykmak. Ýaman ýerde gaý tutdy diýleni boldy, ýanymyza ätiýaçlyk teker hem alaýmandyrys.
ÝAMAN II, at, maldarç. Düýäniň hamynyň ýuka ýerleriniň çişme keseli.