ýakymly
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýakymly
syp. 1. Göwne ýaramly, göwne hoş ýakýan, lezzetli. Ýakymly şemallar öwser her günde (Mätäji). Ön görmedik ýerleriňi görmek has hem ýakymly (Jürdekow T. Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk). Täze köwüş birbada ýakymly bolmaýar, köne öwrenişenje köwşüňi geýesiň gelýär (B. Hudaýnazarow). 2. Mylaýym, sypaýy, mylakatly. Obamyzda şondan gözel, şondan ýakymly gyz ýokdy (B. Gulow).