turklehceleri.org

ýaka

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýaka

at. 1. Köýnegiň, çabydyň, kürtäniň we ş.m. eşigiň boýun töweregi we çäk ýa-da dik açylýan öň tarapy. Ýakasyna hatarlap dakar tylla düwmesin (M. Seýidow). 2. Bir zadyň kenary, gyrasy, boýy. Derýanyň ýakasy. Ýoluň ýakasy. Ýanaşyk söwütleriň arasy bilen baryp bedrelerini ýabyň ýakasynda goýdy (A. Gowşudow). 3. Tarap, töwerek, ýan. O ýaka gitsek, biz sizden gaty uzaklaşarys. 4. Bir ýeriň haýsy hem bolsa bir çeti, gyrasy. Ol şu gumuň aňry ýakasynda oturýardy (N. Saryhanow). 5. Bir zadyň etegi, başlanýan ýeri, başy. Goýunlar ýakada otlaşyp ýördüler (K. Işanow).
 ‣ Ýakadan el çekmezlik dyndarmazlyk, öz günüňe goýmazlyk, sypdyrmazlyk. Müň teňňe alandan soň, ol meniň ýakamdan elini çekjekmi? (B. Seýtäkow). Ýakadan ilmek biriniň üstünden düşmek, azar bermek, kösemek. Sen-ä oňa kömek edýäň, olam gelip ýakaňdan ilýär (B. Öwezow). Ýakaňa tüýkürmek toba etmek, üýşenmek, gorkandygyňy hereket arkaly aňlatmak. Ýakaňy çäk etmek gaty gynanmak, horlanmak, perýat edip aglamak. Ýazgydym ýat edip, ýakam çäk edip, Säher nalyş bilen boldum girýana (Magtymguly). Ýakaňy tanatmak ile erbetlikde belli bolmak, kimdigiňi bildirmek, ile bellenmek. Ýakaňy tutmak akyla sygmajak, il götermejek zadyň edilendigini eşidip, görüp, toba etmek. Ol: "Toba-toba " diýip, ýakasyny tutdy (B.Seýtäkow). Ýakasy gaýyşly öz pikirini dogry hasaplap hereket edýän, öz eňegine tutýan, diýen etmezek. Ýaka tutuşmak sene-mene edişmek, biri-biriňe el garmak, uruşmak. Ýaka ýyrtmak dady- perýat etmek, nala çekmek, gaty aglamak, gaty ýalbarmak. Ol ýaka ýyrtyp aglady. Ýaka ýyrtyşmak tutaklaşyp uruşmak, ýakalaşyp dawalaşmak.


Last searches: