turklehceleri.org

ýagy

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýagy

[ýağy], at. 1. Duşman, ýow. 2. göç.m. Azar, alada.
 ‣ Ýaga depjek ýaly bolmak näbelet bir işiňe girişmekden, tanamaýan adamyňa haýyş bilen ýüz tutmakdan we ş.m. howatyr etmek, çekinmek. Ol köpçüligiň öňünde çykyş etmeli bolsa, edil ýaga depjek ýaly bolardy. Ýagydan sypan ýaly başly- barat, başagaý, elemtas (adamyň hereketi hakynda). Aýu, bolup gelşiň dagy nätüýsli, ýagydan sypan ýaly- la? (A. Soltanmyradow). Ýagydan ýaý boýy duşmanyňdan araň daşrak bolsa kem däl. Ýagydan ýaý boýy diýipdirler, onuň bilen şu wagta çenli iş salyşmaly bolmandygyma şükür edýän. Ýagysyny gören ýaly bolmak ýüzi-gözi üýtgäp gitmek. Maňa gözi düşenden, edil ýagysyny gören ýaly bolup, hyrra yzyna dolandy. Ýagy ýaly gazaply. Ine, gerek bolsa, ýagy ýaly gyş! (N. Saryhanow). Yzyňdan ýagy kowýan ýaly bolmak gaty haýdap ýöremek, aldyranyň bar ýaly bolup gelmek, gitmek. Näme, yzyňdan ýagy kowýan ýaly bolup gelýäň?


Last searches: