öýme
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
öýme
[öýmö] I, at. Aýal hem gelinleriň başyna atynýan hem daňynýan gülli ýuka ýüpek gyňajy. Otyr ýarym, syýa zülpün daranyp, Darap boldy, başa öýme oranyp (Mollanepes). Ol börügini ykjam daňyp,...öýmesini onuň üstünden goýberdi (B. Kerbabaýew). Ýaşyl öýme. Gyzyl öýme.
‣Çilleli öýme içinden dürli sapaklar geçirilip dokalan öýme. Pişik öýme adatça, ýerligi ýuka gyzyl ýa-da sary öýme.
ÖÝME [öýmö] II, iş ady. Öýmek ýagdaýy.