öýjük
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
öýjük
at. 1. Bir ýerde daşy germelen birnäçe jaýjagazlaryň biri; kiçijik jaýjagaz, ýer, orun. Ýaş göleleri aýry-aýry öýjüklerde saklamak gerek. 2. Inedördül bölünen belli bir çäk, gözenek. Küşt tagtasynyň öýjükleri. 3. biol. Özbaşdak ýaşamaga, öz- özünden köpelmäge ukyply bolan ýönekeý janly beden. Köp wagtlap uklamazlyk beýniniň duýgy öýjükleriniň ejizlemegine eltip biler. 4. Bir zadyň toplanan, jemlenen ýeri, bir zadyň köp ýeri, ojagy, öýi, merkezi. Ol duran bir akylyň öýjügidir. 5. Arylaryň bal hem-de ýumurtgajyk taşlamak üçin mumdan ýasaýan meňzeş ölçegdäki öýjagazlarynyň biri.