ötgün
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ötgün
[ötgün], syp. 1. Güýçli, çasly, batly, gaty (ses hakynda). Dor alaşa ötgün bir ses bilen kişňedi. 2. göç.m. Gaty ýiti, görgür. Onuň müji ýaly kiçijik kellesiniň çowly gulaklary, uçganakly ötgün gözleri onda aýratyn bir gujur bardygyny mälim edýärdi (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Berk, täsirli. Ol belki, ötgünräk jogap gaýtarardy (B. Kerbabaýew). 4. göç.m. Ýiti, güýçli, ýakyp barýan. Güneşiň ötgün şöhlesi.