çuwal
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
çuwal
[çuwol], at. 1. Un, bugdaý, arpa we ş.m. guýmak üçin ulanylýan, elde dokalyp tikilen gap. 2. Şeýle gaba sygýan galla önümleriniň mukdaryny aňladýan ölçeg birligi. Biri-birine degşip ýatan gujak boýy garrygyz gawunlardyr haltanyň agzyna sygmaýan garpyzlar, öýün-öýün ýygnalan çuwal-çuwal künjüdir tamdyr ýaly edilip örülen kaklar ýaş oglany haýran galdyrypdy (“Türkmenistan”). 3. Ownuk-uşak öý goşlaryny, geýim-gejim salar ýaly tärimden asylýan, çitilip ýa-da kakylyp dokalýan inli gap, öý goşy. Kitap bukjasynyň içinde, çuwalyň düýbünden çykman, ýene- de üç ýyl ýatdy (N. Saryhanow). Tärimden asylgy çuwaly ol gelinkä dokapdy.