çigitlemek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
çigitlemek
[çiğitlemek], işl. 1. Çigidi çakyp, maňzyny alyp iýmek. Olar Myrat çaý getirýänçä çigit çigitläp, keçäniň üstüni maýmyn gezen ýaly edipdirler (N. Pomma). 2. Pagtanyň süýümini çigidinden arassalamak, çigidi aýyrmak. Sen sygryň yzynda bikär gezip ýörsüň, bikär gezme, şuny sygryň yzynda çigitläp getirgin!-diýip, ep-esli pagta beripdir (“Türkmen halk ertekileri”). Bular gopuz ýaly işleşip, pagtany çigitläp, arassalap, turbalardan turbalara akdyryp duran maşynlaryň arasy bilen geçip, ep-esli aýlandylar (“Türkmenistan”). 3. göç.m. Bir zady jikme-jik düşündirmek, anyklaşdyrmak, änigine-şänigine ýetmek.