turklehceleri.org

çaýylmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

çaýylmak

[ça:ýylmak], işl. 1. Çaýmak işi ýerine ýetirilmek. Altyn çaýylan egmesini ýalpyldatdy. 2. Birsydyrgyn ýagty düşmek, ýagty ýaýramak. Günüň mähirli, mylaýym çogy ene topraga çaýylyp dur (“Watan”). 3. Bir zadyň üsti örtülmek, emaý bilen siňmek. Ýukajyk tozan biziň üstümize çaýyldy. 4. Bir alamat aralaşmak, görnüş üýtgemek, öwüşgin emele gelmek. Göwnüme, solgun ýüzüne nur çaýylyp barýan ýalydy (“Türkmenistan”).


Last searches: