turklehceleri.org

ır-

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

är

[ä:r], at. 1. Maşgalada aýal bilen nikada durýan erkek adam, aýalyň ýoldaşy, adamsy. Är aldy – älem aldy (Nakyl). Aýal göz astyndan seredýär äre, Är jogap hökmünde ardyndy assa (B. Hudaýnazarow). 2. göç.m.Edermen, batyr, gaýratly. Är ýigidiň wadalary bir bolar (“Görogly”).
 ‣ Är-aýal (heleý) bolmak nikalaşyp bile ýaşamak, goş birikdirmek, öýli-işikli, maşgalaly bolmak. Är başy gowgaly gerek elmydama hereketde, iş başynda bolmak gerek. – Är başy gowgaly gerek – diýip, biderek ýere aýdylan däldir (N. Saryhanow).Är çykmak kämillik ýaşyna ýetmek, jahyl çykmak, ýigit ýetişmek. Biziň är çykan oglumyz bolsa mellek ýerimiziň hemmesini har-haşal ota basdyrypdyr (A. Gowşudow). Är dilemek(taryh), köplenç, iki goşun garşylaşanda, her tarapdan biriniň ýekme-ýek urşa çykmagy bilen bagly bolup, ilki çykan urşujy är dilän – söweşiji talap eden hasap edilýär. Ol galadan daşary çykdy, meýdana girdi, är diledi (“Kitaby dedem Gorkut”). Äre çykmak äre barmak, durmuşa çykmak. Är garrar, heňňam garramaz adam öz wagty gelende garrar, emma döwür, durmuş, ýaşaýyş öňküligine galar. Är-heleýiň urşy – ýaz gününiň ýagşy är-aýalyň arasynda bolýan tersleşik uzaga çekmez, tiz ýaraşarlar, oňşarlar. Är ömri 1) 40-50 ýyllyk döwür. 2) adamyň diýen wagty, ýigitlik döwri. Är ömründe eden şu işimi bagyşlap, maňa günämi ýuwmaga ýagdaý döretseňiz, bütin ömrüme minnetdar bolaryn (“Watan”).


Last searches: