zyňmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
zyňmak
işl. 1. Bir zady, mysal üçin, kesegi, daşy we ý.m. eliňi aýlap batly oklamak, atmak. 2. Harap bolan, zaýalanan ýa-da derde ýaramaýan zatlary aýryp taşlamak. Bu gün geler, erte geler bilen güllerine suw sepip, iki-üç günläp saklasa-da, ahyry zyňmaly boldy (N. Pomma). 3. Ýüz döndermek, bes etmek, goýmak, taşlamak. Ýaltalygy zyňmak üçin, Kynçylygy ýeňmek üçin, Tutanýerli bolgun, inim! (A. Salyh). 4. Batly towusmak, bökmek. Ol ýatan ýerinden aýratyn bir güýç bilen ýokaryk zyňdy.Olaryň näzik aýaklarynyň aşaklary ýaýly ýaly bolup, diriň- diriň her bökende, ýigrimi ädimden artyga zyňýana meňzedi (B. Kerbabaýew). 5. Ahyryna çenli ýetirmän, dowam etdirmän taşlamak, goýbolsun et- mek. Jaýyň boýuny ýetirmän zyňyp gidäýdiler.