zyýarat
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
zyýarat
[zyýa:rat], at. 1. Keramatly ýerlere tagzym etme. 2. Görme-görüş, baryş-geliş. Hem zyýarat, hem tüjarat (Nakyl). Sebäp bilen zyýarat, palçyk bilen ymarat (Nakyl).
‣ Zyýarat etmek keramatly ýere aýlanmak, baryp görmek. Käbä zyýarat edip, haj parzyny berjaý edip geldiler (“Garagum”). Zyýaratyňyz kabul bolsun! bir ýere zyýarata baryp gelen adama ýüzlenilip aýdylýan dileg.