yklym
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
yklym
[ykly:m], at. 1. Gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň şertli bölegi. Yklym perizady sen, Gamgyn köňlüm şady sen, Sen bir yşkyň ody sen, Men pakyr perwanasy (Zelili). 2. Hemme tarapy ýa-da hemme tarapy diýen ýaly deňizler, okeanlar (ummanlar) bilen gurşalan örän uly gury ýer giňişligi. Iki sany uly yklymyň – Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä görkezdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).
‣ Ýedi yklym gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň ýedi sany şertli bölegi. Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar (Magtymguly). Iş bitiren adyňyz ýedi yklyma ýaýrandyr (Mätäji).