turklehceleri.org

umyt

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

umyt

[umuýt], at. Bir maksadyň, pikiriň, ýürekde bolan islegiň ýerine ýetmegine, amala aşmagyna bolan tama, arzuw, niýet.
 ‣ Umytda bolmak garaşylýan zadyň, niýet edilýän zadyň amala aşjagyna umytly bolup, dileg edip garaşmak.Ondan ýaňa umydyň gyl ýuwdan ýaly bolsun (A. Durdyýew). Umydyň gyl ýuwdan ýaly bolmak umydyň üzülmek, asla umyt etmezlik, tamakin bolmazlyk. Umydyňy üzmek umyt etmezlik, tama etmezlik, umydyň amala aşmajagyna, netije çykmajagyna göz ýetirmek. Pähm eýlemez, ýol haýsydyr, yz haýsy, Umyt üzüp gaça bilmen, neýläýin? (Magtymguly). Umyt baglamak birine ýa- da bir zada umyt bilen garamak, ynanmak, ynam bilen garaşmak, tama etmek. Biz ýaşlara uly umyt baglaýarys. Umyt uçgunlary arzuw-niýetiň amala aşmagyna bolan kiçijik tama. Döwranda sagalmaga umyt uçgunlaryny oýardy (“Watan”).


Last searches: