taýly
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
taýly
[ta:ýly], syp. 1. Taýy bar bolan, iki tarapyna-da taý edilen. Taýly çuwaly düýäniň üstüne at-da, idip ugra! (“Myraly”). 2. Yzly-yzyna, gezekme-gezek, iki gezek. Taýly gezek ýaňagyndan ogşady (A. Kekilow). 3. Ýeke däl, iki, goşa. Taýly çyragym söndi, Galdym weýran dünýäde (Mätäji). Ene taýly gözünden ýaş dökdi.