tamdyr
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
tamdyr
at.Çörek bişirmek üçin toýun palçykdan ýa-da kerpiçden depesi açyk gümmez şekilinde ýasalýan ojak. Tamdyr gyzanda ýap (Nakyl). Gowrulan etiň ysy, tamdyrda bişýän çöregiň ysy bilen goşulyşyp burugsaýardy (A. Gowşudow).
‣Tamdyr suwy tamdyrda çörek bişirilende tamdyryň howruny peseltmek, şeýle hem tamdyrdan ýaňy çykarylan çöregiň ýüzüne sepmek üçin ulanylýan suw. Ejesi gyzyna: "Maňa tamdyr suwy getir!" diýip gygyrdy.