tagt
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
tagt
[tağyt] I, at. Häkimiýet nyşany hökmünde ulanylýan aýratyn kürsi, şalaryň oturýan ýeri. Derse han oglana beglik berdi, tagt berdi. Oglan tagta çykdy (“Kitaby dedem Gorkut”).
‣ Tagta mündürmek patyşa etmek, häkimiýet başyna geçirmek. Tagtdan düşürmek häkimiýet başyndan aýyrmak, patyşalykdan mahrum etmek.
TAGT [tağyt] II, at. Ýeriň suwarylyp, sürüme taýýar bolan yzgarlylyk ýagdaýy. Ýer tagt däl. Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir.
‣ Tagtdan çykmak sürüljek ýeriň yzgary gaçmak, gatamak. Siz ýeri ertir süräýmeseňiz, tagtdan çykar. Tagta gelmek tagt bolmak (ýer hakynda). Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir. Tagta getirmek tagt bolmak derejesine ýetirmek, tagt etmek. Tagt suwy sürüljek ýere öňünden tutulýan suw. Tagt suwuny tutup ýören daýhanlaryň ýanyna bardyk.