soky
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
soky
at. Içinde galla we ş.m. zat owradar, döwer ýaly içi köwlüp aýrylan, köplenç, agaçdan,demirden, misden ýasalan hojalyk enjamy. Onuň içinde hem ýogyn söwütden ýasalan ullakan soky oturdypdyr (A. Gowşudow). Elek diläp, soky diläp, Iş-pişeden sypyndygy, Mamyşlara baran bordy (K. Gurbannepesow).
‣ Soka salnan ýaly bolmak endam-janyň kül- uşak bolup agyrmak, mynçgalanan ýaly bolmak. Bütin endamym soka salnyp ýenjilen ýalydy (B. Seýtäkow).
Last searches: