selme
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
selme
at. Çal reňkli, iri ýaprakly dik ösýän haşal ot. Ýazyň ygaly bilen selme örç aldy.
‣ Ak selme selmeler maşgalasyna degişli bolup, baldagynyň we ýapraklarynyň aşak ýüzi unjumak dänejikler bilen örtülen ot. Ak selmäni bişirip, ondan gutap etdi. Gara selme selmeler maşgalasyna degişli bolup, baldagy selçeň şahaly, ýapraklary ýumurtga görnüşli, gyralary kertik-kertik, baldagyň we ýapraklaryň aşak ýüzi unjumak dänejikler bilen örtülen ot.