saýramak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
saýramak
işl. 1. Owazly, ýakymly ses çykarmak. Säher-säher şirin saýran torgaýlar, jöwzaň günortany çöpe busupdyr (“Edebiýat we sungat”). 2. göç.m. Çeper gürlemek; owazly aýdym aýtmak. Kemin ýazsam, doly many çykanok, Güň bolupdyr, şindi saýran tillerim (Şeýdaýy). – Aýterek! – Günterek. – Bizden size kim gerek. – Saýrap duran dil gerek (Halk döredijiliginden). 3. göç.m. Gorkuzylanyň üçin syryňy paş edip, bilýäniňi aýtmak.