saýmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
saýmak
[sa:ýmak] I, işl. Hasap etmek, hasaplamak, öýtmek. Eşek özün egsik saýmaz bedewden, Gymmat etseň, at ýanynda bellidir (Magtymguly).
SAÝMAK [sa:ýmak] II, işl. 1. Saýgyç bilen saýyljak ýüňi urup ýazmak, saýgylamak. Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy (A. Durdyýew). 2. Eline gamçy, taýak, we ş.m. alyp urmak, ýençmek. Beýdip ogluňy saýma, bir ýerini möçükdirersiň, bes ederçe boldy.