saýlamak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
saýlamak
işl. 1. Meňzeş zatlaryň içinden ýararlysyny almak ýa-da peýdalanmak üçin aýryp goýmak. Okamak üçin saýlan kitaplaryny gyrada goýdy. Gowy bişen torly gawunlary saýlady. 2. Ses bermek arkaly saýlawly wezipä bellemek. Saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuk. Ony kärdeşler arkalaşygynyň ýerli guramasyna saýladyk. 3. Nahary, iýmiti dandap iýmek (aş saýlamak durnukly söz düzümi bilen deňeşdir). Aşgazany kemli bolansoň, ol nahary saýlap iýýär. 4. Iň gowusyny almak, eýlesine geçirmek, saýlap-seçmek. Tutdum bir seni baryndan saýlap, Lebleri şekerden mazaly geldi (Magtymguly).
‣ Aş saýlamak ser. Aş: aş saýlamak.