sakgal
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
sakgal
[sakgal / sakal], at. Çekgä, duluga, eňege çykýan tüý örtügi.
‣ Sakgaldan alyp, murta goýmak (ýelmemek) ýerliksiz iş etmek, peýdasyz iş etmek, işi bolmalysy ýaly etmezlik. Sakgalyndan hiňňildik uçmak erkek kişiniň erk-ygtyýaryny eliňe almak, diýeniňi etdirmek (aýal maşgala hakynda). Sakgalyny agartmak köp azar, ezýet bermek, ejir baryny görkezmek, janyny ýakmak. Şol jaýyň ugrunda sakgalym agaryp gitdi. Sakgalyny sallamak uly göwresini kiçeltmek.