sabyr
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
sabyr
[savyr], at. 1. Çydam edip garaşmak ukyby, takat. Sabyr soňy – sap altyn (Nakyl). Sabryň bolsa subhan ýeter dadyňa, Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa (Magtymguly). 2. Adam ady.
‣ Sabryň gaçmak garaşyp halys bolmak, garaşara takat galmazlyk. Sabyr etmek (eýlemek) sabyrlylyk bilen garaşmak, çydamak, howlukmazlyk, gyssanmazlyk. Sabyr käsäň dolmak bir zada garaşyp, sabyr edip halys bolmak, garaşyp garaşmaz bolmak.