oý
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
oý
[o:ý] I, at. Pes ýer, çöket, çöketlik, peslik. Marynyň golaýynda, Amaşanyň oýunda, Murgabyň boýunda mydama göge bürenip oturan bir uly oba bar (H. Ysmaýylow).
OÝ [o:ý] II, at. Biri ýa-da bir zat hakynda edilýän pikir, küý. Bu gaflat ukusyna gidip baky dynçlyga batan guburlar adamyny oýa gark edýär (T. Gurbanow).
‣ Oýa batmak çuň pikire gitmek, biri ýa-da bir zat hakynda köp pikir etmek. Oýa çümmek ser. Oýa batmak. Çuňňur oýa çümdi Çoýan, Bir ýagty ýyldyza bakyp (R. Seýidow). Oýa gitmek ser. Oýa batmak. – Şeýle diýsene – diýip, Öwezmyrat batyr oýa gitdi (A. Gowşudow). Oý kölüne batmak (gark bolmak) pikir kölüne gark bolmak, bar zatdan bihabar pikir edip oturmak.