naýça
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
naýça
I, at, dokm. 1. Erşiň arasyndan argaç geçirmek üçin daşyna sapak saralyp, mäkiniň içine salynýan barmak boýy gamyşdan ýasalýan tara guraly. Naýçalaryna sapak sarap, Sapaklaryny sazlaşdyrýar (B. Kerbabaýew). 2. Tikin maşynlarynda daşyna sapak saralan tegelejik enjam, tegek. 3. deňizç. Gäminiň öň tarapyndan çekilýän naý ýelkenini berkitmek, gaýymlamak üçin gäminiň göwresinden öňe tarap uzalyp çykyp duran pürs. 4. Agzyndan doldurylýan tüpeňlerde mis oturdylýan ýer.
NAÝÇA II, at. Käbir bakja ekinleriniň gülüniň düýbündäki ýaňy düwen düwünçegi, täze düwen miwesi; güldüýbi. Sapa goluň ikinji ýapragy hem birinjisi ýaly ilki murt çykaryp, soňra-da naýça görkezer diýip çak edipdi (N. Esenmyradow).