meslik
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
meslik
at. 1. Maddy taýdan gurplulyk, ykdysady taýdan üpjünlik, barlylyk; dokluk, gün- güzerany gaty gurgunlyk. Bedasyl götermez bäş gün mesligi (Magtymguly).Ýolagçylaryň biri: – Mesligiň etdirýänidir-dä – diýdi (H. Derýaýew). Meslikden azaşýanlar az däl. 2. Şadyýanlyk, keýpiköklük, keýpiçaglyk. 3. Keýplilik, serhoşluk, göçgünlilik. Kimler mesliginden zowlatdy heňe (N. Pomma). 4. Guratlyk, sagdynlyk, daýawlyk.Meslikden jylaw çeýnäp ýüwrük at, Basan ýerin köwläp, gumdan ýol açýar (N. Pomma). 5. gepl.d. Saglyk, saglyk- amanlyk, gurgunçylyk. Il-gün meslikmidir?
‣Meslige çydap bilmezlik ser. Mesligi göterip (göterinip) bilmezlik. Mesligine çydap bilmän, kükräp başlady. Mesligi göterip (göterinip) bilmezlik gurplulyga, barlylyga çydam edip, asuda ýaşap bilmezlik, bir bolşuňy saklap bilmän, göterinmän azmak. Diýmäýin diýsem, il içinde azgynlar köp, mesligi göterinip bilenoklar (B. Kerbabaýew).
Uyghur—Turkish Dictionary (Kurban, 2016)
meslik
f.u. Sarhoşluk.