kölege
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
kölege
[kölöğö], at. 1. Ýagtylyk sebäpli her bir zadyň bir ýere düşýän saýasy, şekili. Mesenäniň üstüne bolsa gür söwüt kölege salýardy (B. Kerbabaýew). 2. Her bir zadyň Gün düşmeýän tarapyndaky saýaly ýeri, saýa. Gün batyp barýardy, kölege uzaýardy (“Edebiýat we sungat”).
‣ Kölege salmak bir alada, gam alamaty duýulmak, keşbinde, sypatynda tutuklyk bildirmek.Aýgülüň düşünjeli gözleri sahna garasa- da, çala süýnmegräk dury ýüzüne nämäniňdir aladasy kölege salýardy (B. Kerbabaýew). Kölegesi ýaly (bolmak) elmydama biriniň ýanyndan aýrylmaýan, nirä gitse, şonuň bilen bile gidýän, bile bitişen ýaly (adam hakynda). Kölegäňçe görmezlik birini özüňden pes saýmak, adam hasap etmezlik,kemsitmek.