hopba
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
hopba
[hopbo], at.1.Uly gapyrjaklaryň iki gapdalyndan tutup götermek üçin kakylan ýarym metr çemesi tagta tutawaç. Ýaşşigiň hopbasy döwlüpdir. 2.Birnäçe tagta birikdirlende, berklik üçin arka ýüzünden kakylýan tagta bölekleri.
‣ Hopba bolmak biriniň arkasyna münmek. Il- günüň boýnuna hopba bolmasyn, Il-gününi etsin boýnuna hopba (K. Gurbannepesow). Hopba etmek birini egniňden ýapyşdyryp, arkaňa mündürmek, arkaňa götermek. Jigiňi hopba etmek.
HOPBA [hopba:], Çagany götereniňde onuň özüne ýüzlenilip aýdylýan söz. Kakasy oguljygyny iki eli bilen ýokaryk göterdi-de: "Hopba" diýdi.