hasap
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
hasap
[hasa:p], at.1.Bir zadyň san bilen jemlenýän jemi. 2.Arifmetika we onuň dört amaly boýunça işlenip çözülmeli mesele, ýumuş. Aňkaryň çykaran hasabynyň aşagyna ullakan harp bilen bäşlik belgi goýdy (B. Kerbabaýew). 3.San, mukdar gatnaşyklary, ululygy, şonuň ýaly-da giňişlik görnüşlerini, şekilleri öwrenýän ylymlaryň jemi we okuw sapagy, dersi, matematika. 4. Ýokary okuw mekdeplerinde dürli dersler boýunça barlag synaglarynyň bir görnüşi we şol synaglaryň geçirilendigini tassyklaýjy belgi. 5."Deregine, öwezine, ýerine" ýaly sözleriň manysynda ulanylýan, bir zady bir maksat bilen ulanmagy aňladýan kömekçi söz.
‣Hasabyň dogry çykmak pikir edişiň, çaklaýşyň, oýlaýşyň ýaly bolmak. Hasap depderçesi okuwa ýetişişini hasaba almak üçin niýetlenip, talybyň eline gowşurylýan depderçe. Hasap etmek 1) bir zadyň hasabyny çykarmak, hasaplap jemlemek. Hasap edip görsem, köp ýyl geçipdir. 2) birini ýa-da bir zady başga biriniň ýa-da bir zadyň ornunda hasaplamak. Bir hasapdan bir zat, ahwalat deňeşdirilende ulanylýan "bir tarapdan" diýen manyly aňlatma. Bir hasapdan onuň eden bellikleri dogry.
Karachay-Balkar—Turkish Dictionary (Nevruz, 1991)
hasap
(malk) kasaphane, kesimevi.