harby
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
harby
[harvy:], syp.Goşuna, goşunçylyga, goşunçylyk gullugyna, urşa, urşuň zerurlyklaryna niýetlenen we ş.m. degişli. Annaguly aňyrdan başy papakly, egni harby geýimli ýylgyryp geldi-de salam berdi (A. Durdyýew). Harby lybas.
‣ Harby gullukçy hakyky harby gullukda ýören adam. Harby güýçler ýaragly güýçler. Harby-deňiz güýçleri deňiz goşunlaryna degişli bolan, deňiz goşunlary bilen baglanyşykly güýçler. Harby-howa güýçleri duşmanyň uçarçylyk, guryýer we deňiz toparlanyşyklaryna, onuň edara ediş-syýasy, senagat, ykdysady merkezlerine we ş.m. zarba urmak üçin niýet- lenen howa güýçleriniň görnüşi.