turklehceleri.org

gülki

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gülki

[gülkü], at. 1. Bogazda döräp, göwün hoşlugyny, keýpiköklügi, şatlygy hem-de birini ýaňsa almagy, içiniň garalygyndan biriniň betbagtlygyna, şowsuzlyga uçramagyna begenip gülmegi we başga duýgulary aňladýan gysgadan özboluşly sesler. 2. ser. Gülkünç 2.
 ‣Gülki astyna almak kimdir birine gülüp, ony masgaralamak. Gülki bolmak ser. Ile gülki bolmak. Gülkiň gelmek ser. Gülkiň tutmak. Gülkiň tutmak gülesiň gelmek. Ile gülki bolmak üstünden gülnüp, il masgarasy bolmak. Üstünden gülmek masgaralajak bolup, kimdir birine gülmek.


Last searches: