götergilemek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
götergilemek
[götörğülömök], işl. 1. Bir zady ýa-da birini köp bolup ýokary galdyrmak; götermek, ýerden saýlamak. Götergiläp bir zady, Ugradylar geçelgä (A. Alamyşow). 2. göç.m. Birini çendanaşa öwmek, öwgüsini ýetirmek. Jygaly begi munça götergiläp, uly abraýyň eýesi etdiň (“Görogly”).