gögermek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gögermek
[gö:ğörmök] I, işl. 1. Ýere taşlanan tohumdan şine ýaryp, ösüp, ýeriň ýüzüne çykmak, baldak çykarmak, ösüp başlamak. Kärendeçileriň irki ekiş geçiren atyzlarynda şugundyr gögerip başlady (“Türkmenistan”). 2. göç.m. Bir ýerde dikilen ýaly peýda bolmak, häzir bolmak, taýýar bolup durmak. Özüňden uly adam "hany pylany" diýende, derrew şol ýerde gögermelidigiňi bilginiň.
GÖGERMEK [gö:ğörmök] II, işl. 1. Gök reňke öwrülmek, gök öwüsmek, gök bolmak. Onuň ýüzi dalak ýaly gögerdi. 2.Teniňe zarba düşüp, gan öýmek, gök nil bolmak. Eliniň damarlary gögerdi. 3. Zaýalanmak, harap bolmak. Et birneme gögeripdir.