gyr
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gyr
I, at. Takyr, çöl, alaň bolup uzalyp gidýän daşlyk, çägelik ýer. Günortan yssy çagynda, Düşdüler ýalazy gyrda (M. Seýidow).
‣ Gyryň daşy ýaly örän köp, bol, çendanaşa kän (köplenç, bakja ekinleri hakda). Ekinler başyna gören ýaly bitipdir, garpyzymyz dagy gyryň daşy ýaly (N. Esenmyradow).
GYR II: gyr duşman biri-birine öçli, baryp ýatan duşman, tüýs duşman. Gyr kakyny (jyny) ser. Gyr- jyn, Gyr-kakyn. Olaryň gyr jyny ýolbarslaryň çagalarymyş (O. Ödäýew).
GYR [gy:r], syp. Çalymtyl reňkli. Watan üçin çykdym gyr at üstüne, Tä janym çykynça dönmenem, begler! (Seýdi).