guşak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
guşak
[guşok], at.1. Gaýyşdan, ýüpden ýa-da dokalan matadan bile baglamak, daňmak üçin ýörite edilen bag. Täze görnüşlerde tikýän köýneklerini owadan guşaklar, kä nagyşly, käte nagyşsyz taýýarlaýarlar (“Türkmenistan”). 2. ser. Gurşaw1.
‣ Guşak çözdürmek däp-dessura görä, öýlenen ýigidiň biline guşagy berk baglap, ony gelne çözdürmek.