turklehceleri.org

guş

Explanatory Azerbaijani Dictionary (Orucovun, 2006)

guş

[fars.] klas. Qulaq. Barmağında xatəm, guşində tənə; Gireh-gireh zülfün tökə gərdənə. M.P.Vaqif. • Guş etmək klas. – qulaq asmaq. [Zeyd:] Harun, guş et, bir dəm; Leylayə mən bəndəm. Ü.Hacıbəyov.

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

guş

I, at. Oňurgalylar, ganatlylar maşgalasyndan bolan, iki aýakly, çüňkli, sütük we ýelek bilen örtülen, uçýan jandar.
 ‣ Guş bolup uçmak ser. Guşy uçmak. Ol guş bolup uçdy.Guş goýbermek (tikinç.) mäşirik bükdürilende ýüpüň tow almagy üçin iki igi pyrlap, gezek-gezegine aýlap goýbermek. Guş salmak aw guşuny aw awlamak üçin uçuryp goýbermek. Guş salsalar awuň alar, Awlakly çölleri bardyr (“Görogly”). Guş tutmak (tikinç.) mäşirik bükdürilende ýüpüň tow almagy üçin pyrlanyp goýberilen igi tutmak. Guşy uçmak bir zada gaty begenmek, şatlanmak. Diýeniniň ýerine düşjegine gözi ýeten gyzyň guşy uçdy. Guş ýaly ýeňil. Guş ýürek sähel zatdan gorkup, tisginip duran, gorkak.


GUŞ II, at. Çagalaryň "kepbäm guruldy" oýnunda eşekçileri döwçüleriň atlanmagyndan, münmeginden goraýan we olary eşekçilikden çykarýan sakçy. Guş aýlanýar weli, onda-da oglanlar kepbe bolup duran oglanlaryň üstüne münýärdiler we guşa depdirmejek bolýardylar.


Last searches: