turklehceleri.org

gulak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gulak

[gulok], at. 1. Adamlaryň, oňurgaly haýwanlaryň eşidiş agzasy. Gulagyň garny bolmaz (Nakyl). 2. Kirişli saz gurallarynyň sapynyň ujundaky kiriş baglanýan we dutary, gyjagy düzmek üçin towlanýan enjam. Dutaryň gapagyny daglap, perdesini baglady, kirşini sazlap, gulaklaryny towlady (“Nejep oglan”). 3. Ýer depilende aýak basmak üçin piliň ýokary gapdalyna berkidilýän süýri halka görnüşli demir. Ýer ýumşak bolany üçin, pil gulagyna çenli ýere gidýärdi. 4. Gazanyň daş gyrasyndaky el tutary, gulpy. Gazanyň dört gulagy bolýar. 5. Tüpeňiň niliniň başlan- ýan ýerinde atylmanka arkan gaýtarylýan, aşaky ujy mäşe bilen baglanyşykly hereket edýän bölegi. 6. Suw akýan ýabyň gapdala sowulýan sakasy, peliň suw barýan ýeri. Ähli gulaklaryň suwy saz akyp dur. 7. "Gabsagöl" we "Pendigöl" ýaly gölleriň içine salynýan iki ýa dört sany kiçijik nagyş. 8. Halynyň gyrasyndaky "ýyldyz" nagşynyň, ýagny goçagyň sallanyp duran bölegi. 9. Gulakçynyň depesinde daňylýan ýa-da iki dulugyň üstünden goýberilýän bölegi. Gulakçynyň gulagy. 10. Nowany aýak bilen basyp, suw goýbermek üçin onuň ujuna kakylan agaç. 11. gepl.d. Töweregiňdäkileriň etjek bolýan zadyna: pirimine, mekirligine we ş.m. göz ýetirip bilmeýän, aňkaw, pekgi. – Sen-ä bir barypýatan gulak ekeniň, dostsurap ýören ýoldaşyň näme edip ýörendiginem bilmänsiň?!
 ‣ Gulaga degmek ser. Gulaga ilmek. Gulaga ilmek biri ýa-da bir zat barasynda daş gulakdan bir habar eşidilmek. Ünsüni şübela tijese-de, hümürdiden başga zat gulagyna ilmeýärdi (G. Kulyýew). Gulaga ýakmak aýdylan söz, edilen gürrüň göwnüňe ýaramak. Gulaga ýetmek daş gulakdan bir zat hakynda gep, habar eşitmek. Gulagy agyr gowy eşitmeýän, ker. Onuň gulagy agyrdy. Gulagy göründen ýaňa ölen adam hakynda gürrüň edilende "agzaw edenim üçin bagyşla" diýen manyda aýdylýan aňlatma. Gulagy mis ýaly gulagy ýiti, eşitgir. Zaňňaryň gulagy edil mis ýaly ekeni (T. Jürdekow). Gulagyna guýmak öwran-öwran aýtmak, düşündirip aýtmak, berk tabşyrmak. Edepli bolmagy çaganyň gulagyna guýup durmak gerek. Gulagyny gazamak birine bir zady ýerine ýetirtmek üçin köp aýtmak, ýatladyp durmak, irginsiz gaýtalamak. "Siz Mährä bir hat ýazyň" diýip, ol Wepanyň gulagyny gazaýardy (A. Gowşudow). Gulagyny tutmazlyk diňlemezlik, gulak salmazlyk. Ilim-günüm, ýakyn özel gardaşym, Nije zar eýlesem, gulagyn tutmaz (Magtymguly). Gulagyny ýazdyrmak gulagyny goýbermek, gysmak; atmak. Gulagyň ganmak bir zat hakynda köp eşidip, pugta ýadyňda galmak.Kakajandan gulagy ganan enaýyja gözlerini tegeläp, Artyga barmaklaryny uzatdy(B. Kerbabaýew). Gulagyň gapylmak güýçli ses we ş.m. zerarly gulagyň ker bolmak, eşitmekden galmak. Onuň gahary gelende, gulagy gapylyp, aňy işlemeýär. Gulagyň kamata gelmek bir zady köp eşidip irmek. Käbir kişileriň bolgusyz sozünden ýaňa gulagym kamata geldi. Gulagyň posuny açmak uzak wagt arakesmeden soň aýdym-saz diňläp ynjalmak. Gulagyň şaňlamak gulagyňda şaňňyldyly ses eşidilmek. Meniň haýsy gulagym şaňlady? Gulagyňy gapmak güýçli ses, gykylyk we ş.m. gulagyňa täsir edip eşitmez ýaly etmek. Gulak asmak (salmak) 1) diňlemek. Ynha, gulak as, gör, Magtymguly aga näme diýýär? (G. Kulyýew). Ol näme diýýär, gulak asyň! (B. Kerbabaýew). 2) biriniň diýenini etmek, maslahatyny almak, biriniň diýen-aýdanyna kaýyl bolmak. Gulakda galmak aýdylan zat berk ýatda galmak, ýatdan çykmazlyk. Öwüt gulakda galmasa, Miwesiz nahala meňzär (Zelili). Gulak etini guratmak bir zady ýerine ýetirmek üçin köp aýdyp, halys ýadatmak, aýda-aýda bizar-peteňini çykarmak. Gulak gabartmazlyk gulak asmazlyk, diňlemezlik. Adamlaryň sözüne däl-de, işine üns ber! Öňýeteniň gepine gulak gabartma (“Watan”). Gulak gaýtarmak tüpeňiň gulagyny arkan gaýtarmak, atmaga häzirläp goýmak. Gulak germek üns bilen diňlemek, gulak asmak. Gulak goýmak ser. Gulak (asmak) salmak. Adam bolsaň gulak goýgul öwüde, Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr (Magtymguly). Gulak gyrpmak gulagy ýapyrmak (at, düýe, eşek we ş.m. hakda). Gyrat agzyny açyp, gulagyny gyrpyp topuldy (“Görogly”). Gulak kakmak her hili gep eşitjek bolup ýörmek, timisgenip gep gözlemek. Gulak kakyp ýörmek ýaramaz gylykdyr. Gazan gulagy gyzmazlyk ser. Gazan.


Last searches: