turklehceleri.org

goýmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

goýmak

[goýmok], işl. 1. Bir zady degişli ýerinde ýerleşdirmek. Toýhanada seteram goýlan on sany baýdak aýlawyň sanyny görkezýän nyşandy (“Türkmenistan”). 2. Öňden edýän hereketiňi dowam etdirmän taşlamak, bes etmek, kesmek. Olam nesýe goýun bermesini goýdy (“Görogly”). 3. Birini bir ýere bellemek, wezipä ýerleşdirmek. 4. Käbir atlaryň yzyndan goýmak kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: At goýmak at bermek, at dakmak. Hormat goýmak hormatlamak. Gol goýmak gol çekip tassyklamak.
 ‣ Goýar ýerde goýmazlyk bir zady köp gaýtalamak, yzyny üzmän aýdyp durmak.– Samahyllamaňy goýar ýerde goýmaýmadyň-la, indi beri bes edäý! Telpek goýmak ser. Telpek. Onuň gönümelligine, ak ýürekliligine telpek goýardylar (“Edebiýat we sungat”). Ýola goýmak amala aşyrmak, durmuşa geçirmek. Gatnaşyklary ýola goýmak. Işleri ýola goýmak. Tertibi ýola goýmak.


Last searches: