turklehceleri.org

goýbermek

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

goýbermek

[goývermek], işl. 1. Kimdir birine bir ýere gitmäge, ugramaga rugsat bermek, ýol bermek. Eneň-ataň seni şu gün teatra goýberermi? 2. Girmäge rugsat etmek, girizmek, salmak. Derwezäni giňden açyp, atlylary içeri goýberdiler. 3. Ammar we ş.m. ýerden alyjylara her hili zat, haryt bermek. Haryt goýbermek. 4. Meýdana çykarmak, sürmek. Çal, tüýdügiň şatlasyn, Goýber goýnuň, otlasyn (Halk döredijiliginden). 5. Böwedi açyp akdyrmak, gulagy, böwedi ýazdyrmak, suw bermek. Ol eken kelemine suw goýberdi. 6. Neşir etmek, çap etmek, çykarmak. Onuň goşgusyny žurnalda goýberdiler. 7. Bir maksat bilen bir ýere ibermek, ýollamak, ugratmak, göndermek. Hat ýazyp goýberdim. 8. Has aşakda ýerleşdirmek, labyryňy taşlamak, oturmak. Ol özüni lampa oturgyja goýberdi- de, soňam dem aldy (B. Kerbabaýew). 9. Kemçilik, ýalňyşlyk gidermek. Olar işde birneme ýalňyşlyk goýberipdirler. 10. Bejermek, sagaltmak maksady bilen gan we ş.m. guýmak. Agyr ýaralylara gan goýber- ýärler. 11. Hal işligiň -yp, -ip goşulmasyny kabul eden işlikden soň goýbermek işligi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Alyp goýbermek bir zady birden almak. Çyzyp goýbermekçyzygy, çyzgyny birden çyzmak.Guýup goýbermeksuwy, ýagy we ş.m. suwuk zady birden guýmak.Zyňyp goýbermek daşy, kesegi we ş.m. birden zyňmak.


Last searches: