gaýtmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gaýtmak
işl. 1. Yzyňa gitmek, öwrülmek, dolanmak; haýsydyr bir ýerden öýüne gitmek. Orazsoltan eje göwünsiz berlen jogaby eşidip çykyp gaýtdy (H. Derýaýew). –Men-ä gaýtjak. Kakam garaşyp durandyr. 2. Inmek, ýykylmak. Araba ýoluň beýik ýerinden aşaklygyna gaýtdy. 3. Gaça durmak, çeke durmak, gaçmak. Oňa agzy arassa oglandyr öýderdim weli, gaýdýan zady ýok bolara çemeli. 4. Aşaklamak, peselmek, azalmak (gyzgyn, çiş, der we ş.m. hakynda). Gyzgyny gaýtmak. Çişi gaýtmak. 5. Bir ýerden başga bir ýere uzalyp gitmek. Ol ýap baýyrlaryň arasyndan ýylan ýaly towlanyp, egrem-bugram bolup geçip gaýdýar. 7. Bir zadyň hakyky möçberinden, mukdaryndan, agramyndan belli bir bölegini kem hasap etmek, aýyrmak. On kilodan bir kilosyny gaýtmak. Bahasyndan bäş manat gaýtmak.
‣Gaýdyp almak ser. Gaýtmyşym etmek. Adamlar, onuň ýaly bolsa, men aýdan sözlerimigaýdyp alýaryn (A. Gowşudow).