gaýtargy
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gaýtargy
[gaýtarğy], at. 1. Biriniň hatyna, soragyna we ş.m. ýazylýan hat ýa-da berilýän jogap. Sadap näme gaýtargy berjegini bilmän ikirjiňlejek ýaly etdi-de, şol sekundyň özünde sowalga tapdy (B. Kerbabaýew). 2. ser.Gaýtawul. Birine ýumruk salsaň, ondan gaýtarga garaşybermeli (“Edebiýat we sungat”). 3.Hasaplaşykdan gaýtarylyp berilýän artyk pul, satyn alnan harytdan gaýtarylyp berilýän pul.
‣ Gaýtargyňy almak (gepl. d.) öz hereketiňe, aýdan sözüňe görä jogap eşitmek, almytyňy almak. Goşulmasyz zada goşuldyň, ahyrynda hem gaýtargyňy aldyň.