turklehceleri.org

gaýmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gaýmak

I, at. 1. Süýtden alynýan ýokumly we ýagly iýmit önümi. Gyr atyň sagrysynyň üstünde bir käse gaýmak goýsaň bozuljak däldi (“Görogly”). 2. göç.m. Suwuklygyň, tekizligiň we ş.m. ýüzünde emele gelen ýukajyk gatlak, gyrpak. Säher çagy giň kenarda aýlanyp, Bozýar ýeriň ykyrdaýan gaýmagyn (M. Seýidow).


GAÝMAK II, işl. Erkege çekilen düýäniň höwürden çykmagy, bogaz bolmagy. Inen düýeleriň birnäçesi gaýypdyr.


GAÝMAK [ga:ýmak], işl. 1. Suwuklygyň içinde çümmän hereket etmek, ýüzünde göterilip ýörmek, ýüzmek. Bir tarapdan, köle düşen zat suwuň ýüzünde kädi ýaly gaýyp ýör, çümmeýär (A. Atajanow). 2. Ganat ýaýyp, howada uçmak, howada gaýmalamak. Uçaryň mysaly nusgasy asmanda gaýýardy. Saralan ýapraklar gaýyp ýere düşýärler. 3. Bir ýerden aşaklygyna gaýtmak, ýykylmak, zyňlyp gitmek. Men bilmedim näme üçin atlanyp, At üstünden gaýdyňmy sen, Artyk jan (B. Kerbabaýew).
 ‣Gaýyp düşmek köp wagtlap barmadyk ýeriňe ahyry bir gün geleniňde aýdylýan aňlatma. – Sen bu ýerlere gaýyp düşdüňmi, gözümizden uçduň ahyry?!


Last searches: